42 Ýehoşapat 35 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 25 ýyl höküm sürdi. Ejesi Azuba Şilhiniň gyzydy. 43 Ýehoşapat kakasy Asanyň ýolundan+ ýöräp, hiç ýana sowulmady. Ol Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. Emma seždegähler+ ýok edilmändi, adamlar henizem şol ýerlerde gurbanlyk ýakýardylar.