-
1 Patyşalar 22:24—28Mukaddes Kitap
-
-
24 Şonda Kenaganyň ogly Sadykýar Mikhaýyň ýanyna bardy-da, ýüzüne şarpyk çalyp: «Indi Ýehowanyň ruhy menden aýrylyp, sen arkaly gepleýär diýjek bolýaňmy?»+ diýdi. 25 Mikhaý: «Sen öýüňe girip, gizlenen günüň muňa düşünersiň» diýip jogap berdi. 26 Şonda Ysraýyl patyşasy: «Mikhaýy tutuň-da, şäher häkimi Amon bilen şazada Ýowaşyň ýanyna äkidip, 27 olara: „Patyşanyň buýrugy şeýle diýiň: „Mikhaýy zyndana salyň-da+, tä yzyma sag-aman gelýänçäm, açlykdan ölmez ýaly, çörek bilen suw beriň“» diýdi. 28 Mikhaý bolsa: «Eger sen sag-aman gaýdyp gelseň, Ýehowanyň men arkaly geplemedigi bolsun»+ diýdi. Soňra ol: «Eý jemagat, sizem muny eşidip goýuň!» diýdi.
-