-
2 Patyşalar 11:5—8Mukaddes Kitap
-
-
5 Soňra Ýehoýada: «Indi siz üç topara bölüniň. Toparlaryň biri Sabat güni köşgi gorasyn+. 6 Bir topar Düýp derwezesini, beýlekisi bolsa köşk garawullarynyň arkasyndaky derwezäni garawullasyn. Ybadathanany* hem gezekli-gezegine goraň. 7 Sabat güni nobatçylykdan boşaýan iki topar patyşany goramak üçin, Ýehowanyň öýüni garawullasyn. 8 Ähliňiz eliňize ýarag alyp, patyşany her tarapdan goraň. Nökerleriň arasyndan geçjek bolan adamy öldüriň. Patyşa nirä gitse-de, ýanyndan aýrylmaň» diýip buýurdy.
-
-
1 Taryh 9:22—25Mukaddes Kitap
-
-
22 Jemi 212 adam derwezeban edip saýlandy. Olar nesil daragtyna görä+ bölünip, obalarda ýaşadylar. Olaryň ata-babalaryny şol jogapkärçilige Dawut bilen Şamuwel weli*+ belläpdi. 23 Olar ogullary bilen Ýehowanyň mukaddes çadyrynyň derwezelerinde durardy+. 24 Çadyryň dört tarapynda, ýagny gündogarynda, günbatarynda, demirgazygynda we günortasynda durardylar+. 25 Beýleki doganlary hem wagtal-wagtal obalaryndan gelip, ýedi gün olar bilen hyzmat ederdi.
-