-
2 Musa 30:12—16Mukaddes Kitap
-
-
12 «Ysraýyl erkeklerini hasaba alyp, ilat ýazuwyny+ geçirýän mahalyň, olaryň hersi öz jany üçin Ýehowa töleg tölesin. Şonda hasaba alynýan adamlaryň başyna betbagtçylyk inmez. 13 Hasaba alnanlar mukaddes çadyrda+ ulanylýan ölçeg bilen ýarym şekel* kümüş bersin. Bir şekel 12 grama* deň. Ýehowa üçin ýarym şekel berilmelidir+. 14 Hasaba alnanlaryň 20 ýaşdan ýokarylary Ýehowa sadaka bersin+. 15 Janyňyz üçin Ýehowa töleg töläniňizde, baýlar ýarym şekelden* artyk, garyplar bolsa kem bermesin. 16 Ysraýyllaryň günäleri üçin berýän kümüş pullaryny ýygnak çadyrynyň* işi üçin ulanyň. Şol pullar Ýehowanyň huzurynda ysraýyllaryň öz jany üçin töleg töländigini ýatladyp durar» diýdi.
-