-
1 Patyşalar 6:23—28Mukaddes Kitap
-
-
23 Süleýman senuber* agajyndan beýikligi on tirsek iki kerup+ ýasap, içki otagda goýdy+. 24 Keruplaryň her ganatynyň uzynlygy bäş tirsek, bir ganatynyň ujundan beýleki ganatynyň ujuna çenli on tirsekdi. 25 Ikinji kerubyň hem iki ganatynyň uzynlygy on tirsekdi. Keruplaryň ikisiniň-de ululygy we görnüşi meňzeşdi. 26 Iki kerubyň-da boýy on tirsekdi. 27 Süleýman keruplary+ içki otagda* goýdy. Keruplaryň ganatlary gerilgidi, şonuň üçin birinji kerubyň ganaty bir diwara, ikinji kerubyň ganaty beýleki diwara degip durdy. Olaryň beýleki ganatlary bolsa içki otagyň ortasynda biri-biriniňkä degip durdy. 28 Ol keruplary-da altyna gaplady.
-