-
1 Patyşalar 7:23—26Mukaddes Kitap
-
-
23 Soňra ol misi eredip, howuz*+ ýasady. Howuz tegelekdi, bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli 10 tirsekdi, beýikligi 5 tirsek, daşyny hem ýüp bilen ölçäniňde 30 tirsekdi+. 24 Howzuň erňeginde* her tirsek aralykda on-ondan iki setir ýabany garpyzyň şekili bardy+. Olar howzuň daş-töweregine aýlanyp durdy. Olar howuz bilen birlikde guýlup ýasalypdy. 25 Howuz misden ýasalan 12 öküziň+ üstünde durdy. Üç öküz demirgazyga, üç öküz günbatara, üç öküz günorta, üç öküz bolsa gündogara seredip durdy. Howuz öküzleriň üstünde goýlupdy, olaryň yzky aýaklary howzuň aşagynda galýardy. 26 Howzuň galyňlygy dört barmakdy*, agzy käsäniň agzy ýalydy we çigildem gülüniň şekilinde ýasalypdy. Howzuň içine 2 000 çelege* barabar suw guýulmalydy.
-