45 Heýwere keselli adam ýyrtyk eşikleri geýip, saçyny daramasyn*. Ol agzyny tutup: „Men kesel, men kesel!“* diýip gygyrsyn. 46 Keselinden doly gutulýança, ol hapa hasaplanar. Ol düşelgäniň daşynda başgalardan aýry ýaşasyn+, sebäbi ol hapa hasaplanýar.
14 Şonda Ýehowa: «Eger atasy ýüzüne tüýküren bolsa, ol ýedi günläp ile çykyp bilerdimi? Goý, ol ýedi gün düşelgäniň daşynda bolsun+. Soňra ýene düşelgä girip biler» diýdi. 15 Merýem ýedi günläp düşelgäniň daşynda boldy+. Ol gelýänçä, halk ýola düşmedi.