-
1 Taryh 15:16, 17Mukaddes Kitap
-
-
16 Dawut lewileriň baştutanlaryna doganlarynyň arasyndan kirişli saz gurallarda, arfada+ we bürünç çanda*+ saz çalyp, joşup aýdym aýdar ýaly adamlary bellemegi tabşyrdy.
17 Şonda lewiler Ýoweliň ogly Hemany+ we onuň doganlaryndan Bereketýaryň ogly Asafy+, garyndaşlary merarlardan Kuşaýanyň ogly Etany+ bellediler.
-
-
1 Taryh 25:1, 2Mukaddes Kitap
-
-
25 Soňra Dawut bilen baştutanlar Asafyň, Hemanyň we Ýedutunyň ogullarynyň+ käbirini saýladylar. Olar arfada, kirişli saz gurallarda+ we bürünç çanda*+ saz çalyp, Hudaýy şöhratlandyrmalydy*. Şol jogapkärçilige bellenenler şulardyr: 2 Asafyň ogullaryndan Zakur, Ýusup, Netanýa we Aşarel. Olar patyşanyň buýrugy bilen, Asafyň ýolbaşçylygynda Hudaýy şöhratlandyrýardylar.
-