28Ahaz+ 20 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 16 ýyl höküm sürdi. Ol atasy Dawut ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri etmedi+. 2 Gaýtam Ysraýyl patyşalarynyň ýolundan ýöräp+, Bagalyň guýma butlaryny-da ýasady+.
24 Ahaz hak Hudaýyň öýündäki gap-gaçlary ýygnatdy. Ol hak Hudaýyň öýüniň gap-gaçlaryny bölekledi+, Ýehowanyň öýüniň gapylaryny ýapdy+, Iýerusalimiň her köçesinde gurbanlyk ojaklary* gurdy.