9 Ýahudanyň* neslinden Ýoşuw bilen ogullary we doganlary, Kadmyýal bilen ogullary hak Hudaýyň ybadathanasynyň gurluşygyna gözegçilik etdiler. Lewi taýpasyndan Henadatyň ogullary, nesilleri+, dogan-garyndaşlary hem olara goşuldy.
24 Hasapýar, Şerebýa we Kadmyýalyň+ ogly Ýoşuw+ lewileriň baştutanydy. Doganlary bolsa toparlara bölünip, olaryň garşysynda durýardy. Olar hak Hudaýyň guly Dawudyň görkezmelerine görä, Hudaýy şöhratlandyryp, alkyş aýdýardy+.