-
Nehemýa 6:10—12Mukaddes Kitap
-
-
10 Soňra men Mehetabeliň agtygy, Delaýanyň ogly Şemaýanyň öýüne gitdim, ol öýünden çykman oturan eken. Şemaýa maňa: «Gel, hak Hudaýyň öýüne, ybadathana girip, gapylaryny gulplaly, seni öldürjek bolýarlar. Gije seni öldürmäge gelerler» diýdi. 11 Men bolsa: «Heý-de, meniň ýaly adam gaçyp gizlenermi? Ybadathana girsem, ölüme höküm edilmerinmi?+ Ýok, girmerin!» diýdim. 12 Görüp otursam, Tobyýa bilen Sanballat+ maňa garşy pygamberlik etdirmek üçin Şemaýany hakyna tutupdyr, ony Hudaý ibermändir.
-