- 
	                        
            
            2 Taryh 36:15, 16Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        15 Ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa pygamberlerini iberip, olara gaýta-gaýta duýduryş berdi. Sebäbi Hudaýyň öz halkyna we mukaddes mekanyna ýüregi awaýardy. 16 Olar bolsa hak Hudaýyň wekilleriniň üstünden güldüler+, sözlerini äsgermezlik edip+, pygamberlerini masgaraladylar+. Olar ýetjek derejesine ýetensoň*, Ýehowanyň halkyna gahar-gazaby lowlady+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Işaýa 42:24Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        24 Kim Ýakuby talaňçylaryň eline, Ysraýyly garakçylara berdi? Ýehowa dälmi? Olar Hudaýa garşy günä etdiler. Onuň ýollaryndan ýöremek islemediler, Kanunlaryna tabyn bolmadylar+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Ýermeýa 40:2, 3Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        2 Garawullaryň baştutany Ýermeýany bir gyra çekip, şeýle diýdi: «Ýehowa Hudaýyň ýurtda heläkçiligiň boljakdygyny aýdypdy. 3 Ýehowa aýdan sözüni ýerine ýetirdi. Sebäbi siz Ýehowa garşy günä etdiňiz, oňa gulak asmadyňyz. Şonuň üçin şeýle zatlar başyňyza geldi+. 
 
-