40 Bir jam ýokary hilli una bir golça zeýtun ýagyny guýup, birinji tokly bilen hödürläň. Bir golça şeraby hem şerap sadakasy hökmünde beriň. 41 Beýleki toklyny agşamara soýup, irdenki tokly ýaly, galla we şerap sadakasy bilen hödürläň. Toklyny Ýehowa ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde ýakyň.