8 Soňra Ýehowa Haruna: «Maňa berilýän sadakalara+ sen gözegçilik edersiň. Ysraýyllaryň getirýän ähli mukaddes zatlaryndan saňa we ogullaryňa hemişelik paý berýärin+.
11 Ysraýyllaryň göterme sadakalary+, olaryň ýany bilen getirýän sowgatlary+ hem seniňki bolar. Olary saňa, ogul-gyzlaryňa hemişelik paý edip berdim+. Öýüňdäki tämiz adamlaryň hemmesi ondan iýip biler+.
13 Ybadathanada mukaddes gullugy berjaý edýänleriň getirilen sadakalardan iýip bilýändigini bilmeýärsiňizmi? Gurbanlyk ojagynyň* öňünde hyzmat edýänleriň öz paýyny alýandygyny bilmeýärsiňizmi?+