-
Hydyr 7:21—24Mukaddes Kitap
-
-
21 Men, Ardaşir patyşa, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň ähli hazynaçylaryna şeýle buýruk berýärin: gökleriň Hudaýynyň kanunyny göçürip alýan Hydyr+ ruhana soran zadyny haýal etmän beriň. 22 Hydyra 100 batmana* çenli kümüş, 100 huma* çenli bugdaý, 100 çelege* çenli şerap+, 100 çelege çenli ýag+ we näçe gerek bolsa duz+ beriň. 23 Gökleriň Hudaýynyň ybadathanasy+ bilen bagly ähli işi yhlasly ýerine ýetiriň. Goý, patyşanyň ogullary we halky gökleriň Hudaýynyň gazabyna sezewar bolmasyn+. 24 Şuny bilip goýuň, ruhanylardan, lewilerden, aýdymçylardan, sazandalardan+, derwezebanlardan, ybadathana gullukçylaryndan+ we Hudaýyň öýüniň işçilerinden hiç hili salgyt, gümrük ýa-da paç almaň+.
-