-
1 Taryh 9:22—27Mukaddes Kitap
-
-
22 Jemi 212 adam derwezeban edip saýlandy. Olar nesil daragtyna görä+ bölünip, obalarda ýaşadylar. Olaryň ata-babalaryny şol jogapkärçilige Dawut bilen Şamuwel weli*+ belläpdi. 23 Olar ogullary bilen Ýehowanyň mukaddes çadyrynyň derwezelerinde durardy+. 24 Çadyryň dört tarapynda, ýagny gündogarynda, günbatarynda, demirgazygynda we günortasynda durardylar+. 25 Beýleki doganlary hem wagtal-wagtal obalaryndan gelip, ýedi gün olar bilen hyzmat ederdi. 26 Lewilerden başarjaň we ynamdar dört derwezebany hak Hudaýyň öýüniň hazynalaryna, naharhanalaryna* gözegçi edip goýdular+. 27 Olar uzak gije hak Hudaýyň öýüniň daş-töweregini garawullaýardylar. Hudaýyň öýüni goramak we her gün irden gapylary açyp, açara jogap bermek olaryň borjudy.
-