37 Hasylyň ilkinji ununy+, sadakalarymyzy, ir-iýmişleri+, täze şeraby we ýagy+ ruhanylara berip, Hudaýyň öýündäki ammarlarda+ goýarys. Hasylyň ondan bir bölegini bolsa ekin ekilýän şäherlerden sadakalary ýygnaýan lewilere bereris+.
47 Zerubabel+ bilen Nehemýanyň döwründe-de ysraýyllar aýdymçylara+ we derwezebanlara+ her gün gerek zatlary üçin sadaka berýärdiler. Lewiler üçin hem sadaka berýärdiler+, lewiler bolsa sadakalaryndan Harunyň nesline berýärdi.