- 
	                        
            
            1 Patyşalar 11:1—5Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        11 Süleýman patyşa faraonyň gyzyna+ öýlenipdi. Ol başga milletli köp aýallara-da, mowap+, ammon+, edomly, sidonly+ we het+ aýallara-da göwün berdi+. 2 Ýehowa ysraýyllara şol milletler hakda duýduryş berip: «Olar bilen garyndaşlyk açmaň*, ýogsam olar sizi öz taňrylaryna sežde etdirer*»+ diýipdi. Süleýman bolsa şonda-da olara ysnyşyp, ýüregini berdi. 3 Süleýmanyň 700 aýaly, 300 gyrnagy bardy. Aýallary ony kem-kemden ýoldan çykardylar*. 4 Garran wagty+ aýallary Süleýmany başga taňrylara sežde etdirdiler*+. Süleýman kakasy Dawut ýaly, Ýehowa Hudaýa bütin ýüregi bilen wepaly bolmady. 5 Ol sidonlylaryň aýal taňrysy Aştorete+, ammonlaryň nejis hudaýy Milkoma+ sežde edip başlady. 
 
-