28 Muňa geň galmaň, sebäbi mazarda* ýatanlaryň ählisiniň onuň sesini eşitjek wagty ýetip gelýär+. 29 Ýagşy iş edenler ýaşamak üçin, erbet iş edenler höküm edilmek üçin direler+.
43 Soňra batly ses bilen: «Lazar, daşaryk çyk!»+ diýdi. 44 Şonda el-aýagy kepene dolangy, ýüzüne ýaglyk daňylgy merhum mazardan çykdy. Isa adamlara: «Kepenini aýryň, arkaýyn ýöresin» diýdi.