Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 4 Musa 11:11
    Mukaddes Kitap
    • 11 Musa Ýehowa ýüzlenip: «Meni* näme üçin beýle gynaýaň? Bütin halkyň ýüküni boýnuma atar ýaly, eden etmişim näme?+

  • 4 Musa 11:15
    Mukaddes Kitap
    • 15 Maňa beýle azap çekdireniňden, häziriň özünde janymy al+. Eger menden razy bolsaň, indi bir köseme» diýdi.

  • 1 Patyşalar 19:3, 4
    Mukaddes Kitap
    • 3 Ylýas gorkup, janyny halas etmek üçin gaçyp gitdi+. Ol Ýahudanyň+ Beýer⁠-⁠şeba şäherine+ baryp, hyzmatkärini goýdy⁠-⁠da, 4 bir günläp çölüň içi bilen ýöredi. Ahyry bir ýylgynyň aşagyna geçip oturdy⁠-⁠da: «Indi besdir! Ýehowa, janymy al+, menem ata⁠-⁠babalarymdan gowy däldirin» diýip, ölümini diläp başlady.

  • Eýýup 7:15, 16
    Mukaddes Kitap
    • 15 Şonda asylyp* ölesim gelýär,

      Şeýle ýaşanymdan ölenim gowy+.

      16 Janymdan doýdum+, indi ýaşasym gelenok,

      Maňa degme, sebäbi ömrüm bir dem kimindir+.

  • Ýunus 4:2, 3
    Mukaddes Kitap
    • 2 Ol Ýehowa doga edip, şeýle diýdi: «Eý Ýehowa, munuň şeýle boljagyny öýümden gaýtmankam bilýärdim! Şonuň üçin men Tarşyşa gaçyp gitjek boldum+. Seniň mähirli*, rehimdar Hudaýdygyňy, giň göwünli*, wepaly söýgä* baýdygyňy+, ýüregiň awap, betbagtçylyk indermejegiňi bilýärdim ahyryn. 3 Eý Ýehowa, ýalbarýaryn, indi meniň janymy al. Ýaşanymdan ölenim gowudyr»+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş