-
Zebur 73:3Mukaddes Kitap
-
-
3 Erbetleriň döwran sürýändigini gördüm,
Tekepbirlere göriplik etdim+.
-
-
Zebur 73:19Mukaddes Kitap
-
-
19 Zalymlaryň başyna duýdansyz heläkçilik iner+,
Olar derrew ýok bolar, soňy gorkunç bolar.
-
-
Resullar 12:21—23Mukaddes Kitap
-
-
21 Bellenen gün Hirodes şa lybasyny geýip, höküm kürsüsinde oturdy-da, halka ýüzlenip, söz sözledi. 22 Halk hem batly ses bilen: «Bu adamyň sesi däl, taňrynyň owazy!» diýip gygyrdy. 23 Hirodes Hudaýy şöhratlandyrmady, şonuň üçin Ýehowanyň* perişdesi oňa şol bada jeza berdi. Şeýlelikde, ol keselläp, endam-jany gurtlady we aradan çykdy.
-