21 Musa hasasyny deňze uzatdy+. Ýehowa bütin gije gündogardan güýçli ýel öwüsdirip, deňziň suwuny iki ýana serpikdirdi-de, düýbüni guratdy+. Şeýlelikde, deňiz ikä bölündi+. 22 Ysraýyllar deňziň ortasy bilen gury ýerden geçdiler+. Suw olaryň iki tarapynda diwar ýaly bolup durdy+.