-
Zebur 119:139Mukaddes Kitap
-
-
139 Yhlasym içimde ot bolup ýanýar+,
Sebäbi duşmanlarym seniň sözüňi unutdy.
-
-
Markus 11:15—17Mukaddes Kitap
-
-
15 Şeýdip, olar Iýerusalime geldiler. Isa ybadathana girip, ähli satyjylary we alyjylary kowdy. Pul çalyşýanlaryň stollaryny, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny agdardy+. 16 Ol hiç kime ybadathananyň içinden zat geçirmäge rugsat bermedi. 17 Şeýle-de ol adamlara öwredip: «„Meniň öýüme milletleriň doga-dileg öýi diýler“+ diýip ýazylypdy. Siz bolsa ony garakçylaryň mekanyna dönderdiňiz»+ diýdi.
-
-
Ýahýa 2:13—17Mukaddes Kitap
-
-
13 Ýehudylaryň Pasha baýramy+ golaýlapdy, Isa hem Iýerusalime gitdi. 14 Ol ybadathanada öküz, goýun, kepderi+ satýanlary we pul çalyşýanlary görende, 15 ýüpden gamçy örüp, goýunlary, öküzleri we satyjylary ybadathanadan kowdy. Pul çalyşýanlaryň teňňelerini zyňyp, stollaryny agdardy+. 16 Isa kepderi satýanlara: «Zatlaryňyzy aýryň! Atamyň öýüni bazara döndermäň!»+ diýdi. 17 Şonda şägirtleriň: «Seniň öýüňe yhlasym içimde ot kimin ýandy»+ diýen sözler ýadyna düşdi.
-