- 
	                        
            
            2 Musa 23:30Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        30 Siz köpelip, tutuş ýurdy eýeleýänçäňiz, duşmanlary ýuwaş-ýuwaşdan kowup çykararyn+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Ýuşa 24:12, 13Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        12 Heniz ýurda gelmänkäňiz, duşmanlaryňyzy ruhdan düşürdim*+. Amorlaryň iki hany ýaly, olar hem sizden gaçdylar. Ýöne muny öz gylyjyňyz, ýaýyňyz bilen etmediňiz+. 13 Men size azabyňyz siňmedik topragy, gurmadyk şäherleriňizi berdim+. Ýurtda mesgen tutup, ekmedik üzümleriňizi we zeýtunlaryňyzy iýýäňiz“+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            1 Patyşalar 4:25Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        25 Süleýmanyň höküm süren döwri Dandan Beýer-şeba çenli tutuş Ýahuda we Ysraýyl ýurdunda her kim öz üzüminiň we injiriniň saýasynda asuda ýaşaýardy. 
 
-