13 Şonuň üçin olar ysraýyllary gul edip, öňküdenem beter kösäp başladylar+. 14 Müsürliler olara palçyk gardyryp, kerpiç guýduryp, her dürli agyr işleri etdirip, itiň gününi görkezdiler. Olary gul edip+, rehimsizlik bilen ezdiler.
6 Şonuň üçin ysraýyllara şeýle diý: „Men Ýehowa. Sizi gulçulykdan, müsürlileriň zorluk-süteminden azat ederin+. Olara agyr jezalary berip, sizi kuwwatly golum bilen halas ederin+.