-
Işaýa 6:1—3Mukaddes Kitap
-
-
6 Uzyýa patyşanyň aradan çykan ýyly+ men görnüş* gördüm. Şonda Ýehowa beýik we belent tagtda otyrdy+, donunyň etegi ybadathanany doldurýardy. 2 Onuň huzurynda seraplar durdy. Olaryň hersiniň alty ganaty bardy. Olar iki ganaty bilen ýüzüni, iki ganaty bilen aýaklaryny ýapýardy, iki ganaty bilen uçýardy.
3 Seraplar biri-birine batly ses bilen:
«Serkerdebaşy Ýehowa
Mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir!+
Bütin ýer ýüzi onuň şöhratyndan doludyr!» diýýärdiler.
-
-
Hyzkyl 1:27, 28Mukaddes Kitap
-
-
27 Onuň bilinden ýokarsy kümüşsöw altyn kimin ýalpyldaýardy+, ot ýaly lowlaýardy. Onuň bilinden aşagy hem ot ýaly lowlaýardy+. Onuň daş-töwereginde 28 ýagyşly günde bulutlaryň arasynda peýda bolýan älemgoşara meňzeş şöhle bardy+. Hawa, daş-töweregindäki şöhle şeýle nur saçýardy. Ol Ýehowanyň şöhratyna meňzeýärdi+. Muny görenimde ýüzin ýykyldym. Şol wagt biriniň sesini eşitdim.
-