13 Soňra Hudaý Ybrama: «Şuny bilip goý: nesliň başga ýurtda gelmişek bolup ýaşar, şol ýeriň halky olary gul edip, 400 ýyl ezer+. 14 Ýöne nesliňi gul eden halka jeza bererin+. Olar şol ýurtdan birgiden baýlyk bilen çykyp gaýdarlar+.
5 Siz olaryň ýurduny gowy ýa akýürekli adam bolanyňyz üçin miras alaňyzok. Ýehowa Hudaýyňyz şol halklary erbet işleri üçin ýurtdan kowýar+. Şeýtmek bilen, Ýehowa ata-babalaryňyz Ybraýyma+, Yshaga+ we Ýakuba+ beren wadasyny* berjaý edýär.