-
Serdarlar 10:6—8Mukaddes Kitap
-
-
6 Ysraýyllar ýene-de Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etdiler+. Olar Bagal+ we Aştoret butlaryna, Aramyň*, Sidonyň, Mowabyň+, ammonlaryň+, piliştlileriň taňrylaryna sežde edip başladylar+. Olar Ýehowany unutdylar we oňa gulluk etmediler. 7 Şonuň üçin ysraýyl halkyna Ýehowanyň gazaby tutaşdy. Hudaý olary piliştliler bilen ammonlaryň eline berdi*+. 8 Şol ýyl olar ysraýyllary derbi-dagyn edip, köp azar berdiler. Olar Iordanyň gündogaryndaky Gilead topragynda, amorlaryň mülkünde ýaşaýan ysraýyllara 18 ýyllap sütem etdiler.
-