-
Resullar 1:16—20Mukaddes Kitap
-
-
16 «Doganlar, Dawudyň mukaddes ruh arkaly aýdan pygamberligi Iudada ýerine ýetdi+. Ol Isany tussag etdirmek üçin esgerleri alyp gelipdi+. 17 Ol hem resuldy+, biziň bilen gulluk etmek üçin saýlanypdy. 18 Ol haram pula mellek satyn aldy+. Soňra ýokardan başaşak gaçyp, garny ýaryldy we içegeleri çykyp gitdi+. 19 Bolan wakany Iýerusalimiň ilaty eşitdi. Şol sebäpli satyn alnan mellege öz dillerinde „Hakeldama“, ýagny Ganly mellek diýip at goýdular. 20 Zebur kitabynda: „Öýi boşap galsyn, onda hiç kim ýaşamasyn+. Wezipesi başga birine berilsin“+ diýip ýazylgy.
-