Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Işaýa 28:16
    Mukaddes Kitap
    • 16 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:

      «Siony berk daşyň üstünde guraryn+.

      Düýbüni+ gymmatbaha daşdan*+ tutaryn.

      Ol daşa iman eden howsala düşmez+.

  • Luka 20:17
    Mukaddes Kitap
    • 17 Isa olara seredip: «Onda: „Ussalaryň zyňan daşy indi esasy daş* boldy“+ diýen sözler näme aňladýar?

  • Resullar 4:11
    Mukaddes Kitap
    • 11 „Ussalar, siziň zyňan daşyňyz esasy daş* boldy“+.

  • 1 Korinfliler 3:11
    Mukaddes Kitap
    • 11 Hiç kim başga düýp tutup bilmez. Düýp — Isa Mesih+.

  • Efesliler 2:19, 20
    Mukaddes Kitap
    • 19 Indi siz ýat halk we gelmişek däl+, mukaddesler bilen bir raýat+, Hudaýyň maşgalasynyň agzalary+. 20 Siz resullardan we pygamberlerden ybarat düýbüň üstünde guruldyňyz+. Isa Mesih bolsa düýp daşydyr*+.

  • 1 Petrus 2:4—7
    Mukaddes Kitap
    • 4 Siz Halypamyzyň, ýagny diri daşyň huzuryna geldiňiz. Adamlar ondan ýüz öwürseler⁠-⁠de+, Hudaý şol daşy saýlady, sebäbi ol onuň üçin gymmatlydy+. 5 Siz hem ruhy öýi gurýan diri daşlar bolduňyz+. Siz Isa Mesih arkaly+ Hudaýa ýaraýan ruhy gurbanlyklary bermek üçin+ mukaddes ruhany bolduňyz. 6 Şonuň üçin mukaddes kitaplarda: «Ine, men Sionda saýlanan daşy, gymmatbaha düýp daşy goýýaryn. Oňa iman eden lapykeç bolmaz»+ diýilýär.

      7 Ol siziň üçin hem gymmatlydyr, sebäbi iman etdiňiz. Emma iman etmeýänler üçin «ussalaryň zyňan daşy+ indi esasy daş* boldy»+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş