-
Matta 21:7—9Mukaddes Kitap
-
-
7 Olar eşegi we taýhary getirip, taýharyň üstüne donlaryny atdylar. Isa hem taýhara mündi+. 8 Adamlaryň köpüsi donlaryny ýola ýazýardy+, käbiri bolsa agajyň şahalaryny ýola düşeýärdi. 9 Isanyň öňünden we yzyndan barýan märeke: «Eý Hudaý, ýalbarýarys, Dawut Ogluny halas et!+ Ýehowanyň* adyndan gelýäne şöhrat bolsun!+ Eý gökdäki Hudaýymyz, ýalbarýarys, ony halas et!»+ diýip gygyrýardy.
-
-
Markus 11:7—10Mukaddes Kitap
-
-
7 Olar taýhary+ Isanyň ýanyna getirip, üstüne donlaryny atdylar. Isa hem taýhara mündi+. 8 Adamlaryň köpüsi donlaryny ýola ýazýardylar, käbiri bolsa agajyň şahalaryny çapyp, ýere düşeýärdiler+. 9 Isanyň öňünden we yzyndan barýan märeke: «Eý Hudaý, ýalbarýarys, ony halas et!+ Ýehowanyň* adyndan gelýäne şöhrat bolsun!+ 10 Atamyz Dawudyň golaýlap gelýän Patyşalygyna şöhrat bolsun!+ Eý gökdäki Hudaýymyz, ýalbarýarys, ony halas et!» diýip gygyrýardy.
-