17 Ol ýokardan elini uzadyp, meni tutdy,
Ummanyň içinden çekip çykardy+.
18 Meni güýçli duşmanlardan+,
Ganymlardan halas etdi,
Olar menden has güýçlüdi.
19 Agyr günümde garşyma çykdylar+,
Emma Ýehowa daýanjym boldy.
20 Meni giň sähra alyp çykdy+,
Menden razy bolup, janymy gutardy+.