- 
	                        
            
            Ýewreýler 12:9—11Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        9 Onsoňam, ýerdäki atamyz näçe terbiýe berse-de, oňa hormat goýýardyk. Onda gökdäki* Atamyza gulak asyp, has-da köp hormat goýmaly dälmi näme?+ 10 Biraz wagtlyk bolsa-da, ýerdäki atamyz dogry hasaplaýan zatlaryna görä terbiýe beripdi. Emma Hudaý bize has-da peýdaly terbiýe berip, özi ýaly mukaddes etmek isleýär+. 11 Dogrudan-da, temmi berlende adam başda begenmän, gynanýandyr, ýöne terbiýe alan adam dogruçyl bolup, parahat ýaşaýar*. 
 
-