-
Ýewreýler 10:5—9Mukaddes Kitap
-
-
5 Mesih ýere gelende, Hudaýa şeýle diýdi: «„Gurbanlyklary, sadakalary islemediň, gaýtam maňa bir beden taýýarladyň. 6 Sen ýakma we günä gurbanlyklaryny halamadyň“+. 7 Soňra men: „Eý Hudaýym, men islegiňi berjaý etmek üçin geldim+. Golýazmada men hakda ýazylandyr“ diýdim». 8 Ol ilki: «Gurbanlyklary, sadakalary, ýakma we günä gurbanlyklary islemediň, halamadyň» diýdi. Şol gurbanlyklar Töwratdaky kanuna görä berilmelidi. 9 Soňra ol: «Ine, men seniň islegiňi berjaý etmek üçin geldim»+ diýdi. Ol ikinji zady ýola goýmak üçin birinji zatlary aradan aýyrdy.
-