20 Olary ata-babalaryna wada beren* ýurduma+, süýt bilen bal akýan ýurda eltenimde+, bolelin iýip, gowy ýaşap başlarlar+. Şonda meni äsgermezlik edip, ähtimi bozarlar+, başga taňrylara sygnyp, sežde ederler.
9 „Şu äht olaryň ata-babalary bilen baglaşan ähtim ýaly bolmaz. Men ata-babalarynyň elinden tutup, Müsürden çykaran günüm+ äht baglaşypdym. Olar meniň ähtimi bozdular. Şonuň üçin indi olaryň aladasyny etmerin“. Muny Ýehowa* aýdýar.