Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Eýýup 38:8—11
    Mukaddes Kitap
    •  8 Deňiz joşup çäginden*+ çykanda,

      Öňüne kim böwet goýdy?

       9 Deňzi bulutlar bilen,

      Tüm⁠-⁠garaňkylyk bilen örtdüm.

      10 Deňze çäk çekdim+,

      Gapy goýup gulpladym.

      11 „Şu ýere çenli gelip, mundan aňry geçme;

      Äpet tolkunlaryň şu ýerde togtasyn“+ diýdim.

      Şonda sen niredediň?

  • Zebur 33:7
    Mukaddes Kitap
    •  7 Ol böwet goýup, deňziň suwuny saklaýar+,

      Joşýan suwy howdanlara* ýygnaýar.

  • Zebur 104:6—9
    Mukaddes Kitap
    •  6 Deňzi don kimin zeminiň egnine atdyň+,

      Suwlar bilen daglaryň üstüni örtdüň.

       7 Sen käýäniňde, suwlar yza çekildi+,

      Haýbatly sesiňden gorkup gaçdy.

       8 Daglar ýokary galdy+, jülgeler aşak çökdi,

      Suwlar buýran ýeriňe akdy.

       9 Suwlar dolup⁠-⁠daşmaz ýaly,

      Ýer ýüzüni örtmez ýaly çäk goýduň+.

  • Ýermeýa 5:22
    Mukaddes Kitap
    • 22 Ýehowa diýýär: „Siz menden gorkmaýarsyňyz,

      Huzurymda titremeýärsiňiz.

      Men deňze çäge bilen serhet goýdum,

      Deňiz çäginden geçmez ýaly ebedilik kanun çykardym.

      Tolkunlar ýokary göterilse⁠-⁠de, çäginden çykmaýar,

      Olar möwç ursa⁠-⁠da, dolup daşmaýar+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş