-
Ester 7:3, 4Mukaddes Kitap
-
-
3 Şa aýaly Ester: «Eý patyşahym, göwnüňizden turan bolsam, makul bilseňiz, haýyş edýärin, janymy ölümden gutaryň, ýalbarýaryn, halkymy+ halas ediň! 4 Sebäbi meni we halkymy satyp+, ölüme tabşyrdylar. Bizi gyryp, bütinleý ýok etjek bolýarlar+. Bizi gulçulyga satsalar hem, sesimi çykarmazdym. Ýöne tutuş halkyň gyrylmagyna ýol berip bolmaz, sebäbi patyşa-da zyýan çeker» diýip jogap berdi.
-
-
Nakyllar 14:3Mukaddes Kitap
-
-
3 Tekepbir akmagyň dili gamçy kimindir,
Paýhasly adamyň dili galkan kimin goraýandyr.
-