15 Hak Hudaýyň gulunyň hyzmatkäri daň bilen turup, daşaryk çykdy. Görse, atly, söweş arabaly goşun şäheriň daşyny gabapdyr. Şonda hyzmatkäri Alyşa: «Agam, işimiz gaýtdy! Indi näme ederis?» diýdi. 16 Ol: «Gorkma!+ Biziňkiler olardan has köpdür»+ diýdi.