-
1 Musa 9:20, 21Mukaddes Kitap
-
-
20 Nuh üzüm ekip, daýhançylyk bilen meşgullanyp başlady. 21 Bir gün ol şerapdan serhoş bolup, çadyrynda ýalaňaç ýatyrdy.
-
-
Nakyllar 23:29—35Mukaddes Kitap
-
-
29 Kim ah çekýär? Kimiň derdi köp?
Kimiň goh-galmagaly ýatmaýar? Kim zeýrenýär?
Kimiň endamy gök-ala? Kimiň gözleri gyp-gyzyl?
30 Wagtyny şerap içip geçirýänleriň+,
Aragyň yşkyna düşenleriň ýagdaýy şeýledir.
31 Şerabyň gyrmyzy reňkine,
Käsede öwşün atyşyna, keýp berişine seretme.
32 Sebäbi soňunda ýylan ýaly çakýar,
Alahöwren kimin zäherini pürkýär.
33 Gözleriň geň zatlary görer,
Diliň erbet zatlary sözlär+.
34 Deňziň ortasynda gark bolup barýan adam kimin,
Gäminiň ýokarsynda ýatan adam kimin bolarsyň.
35 Sen: «Meni urdular, duýmadym.
Meni ýençdiler, bilmedim.
Çaltrak oýansadym+,
Ýene-de içmäge gitsedim» diýersiň.
-