-
1 Patyşalar 2:22—24Mukaddes Kitap
-
-
22 Patyşa ejesine: «Adonyýar üçin diňe şunemli Abyşagany däl, tutuş patyşalygy sora+, ol meniň uly agam ahyryn+. Abyýatar ruhany bilen Seruýanyň ogly Ýowap+ hem ony goldap ýör»+ diýdi.
23 Süleýman patyşa Ýehowanyň adyndan ant içip: «Şu haýyşy bilen, Adonyýar öz başyna ýetdi. Indi ol diri galaýsa, goý, Hudaý maňa has beterini görkezsin! 24 Meni kakam Dawudyň ýerine tagta çykaryp, hökümdarlygymy berkiden+, sözünde durup, maňa we neslime patyşalygy beren+ Ýehowa diri şaýatdyr, Adonyýar şu günüň özünde öler!»+ diýdi.
-