11 Daň bilen turup, şerap içýäniň waý halyna!+
Ýarygijä çenli şerap içip lül bolýanyň waý halyna!
12 Olar meýlis gurap, arfanyň, çeň saz guralynyň,
Depregiň, tüýdügiň owazyna meýmiräp şerap süzýärler.
Emma Ýehowanyň işleri hakda oýlanmaýarlar,
Onuň elleriniň işine ünsem bermeýärler.