-
5 Musa 30:1—3Mukaddes Kitap
-
-
30 Şu aýdan zatlarym berjaý bolanda, Ýehowa Hudaý sizi halklaryň arasyna+ dargadanda, alkyş* we gargyş+ baradaky sözlerimi ýatlarsyňyz+. 2 Şonda özüňiz hem, ogullaryňyz hem bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz*+ bilen Ýehowa Hudaýyňyza dolanyp+, men arkaly beren tabşyryklaryna gulak assaňyz, 3 Ýehowa Hudaýyňyz rehim edip+, ýesirleri yzyna getirer+. Ýehowa Hudaýyňyz sizi dargadan halklarynyň arasyndan ýygnar+.
-
-
Işaýa 66:20Mukaddes Kitap
-
-
20 Ysraýyl halkynyň Ýehowanyň öýüne arassa gap-gaçlarda sadaka getirişi ýaly, olar hem doganlaryňyzy atlarda, arabalarda, paýtunlarda, gatyrlarda we ýüwrük düýelerde başga milletleriň arasyndan alyp gelerler+. Olary mukaddes dagyma, Iýerusalime getirip, Ýehowa sadaka bererler». Muny Ýehowa aýdýar.
-
-
Hyzkyl 36:24Mukaddes Kitap
-
-
24 Sizi halklaryň arasyndan we ähli ýurtlardan ýygnap, dogduk mekanyňyza getirerin+.
-
-
Zekerýa 8:7Mukaddes Kitap
-
-
7 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men halkymy gündogar we günbatar ýurtlaryndan halas ederin+.
-