-
5 Musa 29:22, 23Mukaddes Kitap
-
-
22 Ogullaryňyzyň nesilleri we uzak ýurtdan gelen gelmişekler Ýehowanyň ýurda inderen bela-beterlerini, betbagtçylyklaryny görerler. 23 Ýurduň ot, kükürt we duz bilen weýran edilip, ekin-dikinsiz takrap ýatandygyny, Ýehowanyň gahar-gazap bilen ýok eden Sodom we Gomorra+, Adma we Zeboýym şäherleri+ ýaly bolandygyny görerler.
-
-
Ýermeýa 25:11Mukaddes Kitap
-
-
11 Tutuş ýurt harabaçylyga öwrüler, elhenç hala düşer. Halklar 70 ýyllap+ Wawilon patyşasyna gulluk ederler“.
-
-
Ýermeýa 45:4Mukaddes Kitap
-
-
4 Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Men tutuş ýurtda dikenimi ýykaryn, ekenimi köki bilen sograryn+.
-