-
Ester 8:17Mukaddes Kitap
-
-
17 Ähli welaýatlardaky we şäherlerdäki ýehudylar patyşanyň buýrugyny, kanunyny eşidip şatlandylar, begendiler. Olar toý-meýlis gurnadylar we uly baýram etdiler. Köp adamlar ýehudylardan gorkup, özlerine ýehudy diýýärdiler+.
-
-
Işaýa 14:1, 2Mukaddes Kitap
-
-
14 Ýehowa Ýakuba rehim edip+, Ysraýyly ýene-de saýlar+ we halkyny watanyna getirer*+. Ýat milletler hem olar bilen gider, Ýakubyň maşgalasyna goşular+. 2 Ýat milletler ysraýyllary dogduk mekanyna elter. Ysraýyl halky ýat milletleri Ýehowanyň topragynda gul-gyrnak eder+ we özlerini ýesir edenleri ýesir alarlar, hojaýynlaryna agalyk ederler.
-
-
Işaýa 49:23Mukaddes Kitap
-
-
23 Patyşalar saňa gulluk eder+,
Şa aýallar çagalaryň enekesi bolar.
-
-
Işaýa 60:14Mukaddes Kitap
-
-
14 Seni ezenleriň ogullary aýagyňa ýykylar,
Seni kemsidenler öňüňde dyza çöker.
Olar saňa Ýehowanyň şäheri,
Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň Siony diýerler+.
-