39 Siziň däbiňize görä, Pasha baýramynda bir adamy azat etmeli+. Hany aýdyň, ýehudylaryň Patyşasyny boşadaýynmy?» diýdi. 40 Olar: «Ony däl, Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar. Barabbas bolsa garakçydy+.
13 Atalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy+ Guly+ Isany+ şöhratlandyrdy. Pilatus ony azat etjek bolsa-da, siz ondan ýüz öwrüp, ölüme tabşyrdyňyz+. 14 Siz ganhor adamy azat etdirip, mukaddes we dogruçyl adamdan ýüz öwürdiňiz+.