2 Patyşalar 15:30 Mukaddes Kitap 30 Soňra Elahyň ogly Hoseýa+ dildüwşük gurap, Remalyň ogly Pekasy öldürdi-de, ýerine özi patyşa boldy. Hoseýa Uzyýanyň ogly Ýotamyň+ hökümdarlygynyň 20-nji ýylynda tagta çykdy. Işaýa 8:6, 7 Mukaddes Kitap 6 «Halkym Şilowanyň ýuwaş akýan ýabyny ýigrenip+,Resine we Remalyň ogluna+ guwandylar. 7 Şonuň üçin Ýehowa olaryň üstüne,Güýçli we joşup akýan derýanyň* suwlaryny,Şan-şöhratly Assiriýa patyşasyny iberer+. Onuň ähli çaý-çeşmeleriniň suwy göterilip,Hanasyndan dolup daşar.
30 Soňra Elahyň ogly Hoseýa+ dildüwşük gurap, Remalyň ogly Pekasy öldürdi-de, ýerine özi patyşa boldy. Hoseýa Uzyýanyň ogly Ýotamyň+ hökümdarlygynyň 20-nji ýylynda tagta çykdy.
6 «Halkym Şilowanyň ýuwaş akýan ýabyny ýigrenip+,Resine we Remalyň ogluna+ guwandylar. 7 Şonuň üçin Ýehowa olaryň üstüne,Güýçli we joşup akýan derýanyň* suwlaryny,Şan-şöhratly Assiriýa patyşasyny iberer+. Onuň ähli çaý-çeşmeleriniň suwy göterilip,Hanasyndan dolup daşar.