Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Taryh 28:19, 20
    Mukaddes Kitap
    • 19 Ýehowa Ysraýyl patyşasy Ahaz sebäpli, Ýahudany abraýdan düşürdi, sebäbi Ahaz ýahudalary ýoldan çykaryp, Ýehowa garşy agyr günäleri* etdiripdi.

      20 Assiriýa patyşasy Tilgatpilneser+ Ahaza kömek etmegiň deregine, oňa garşy çykyp, sütem edip başlady+.

  • Işaýa 7:17
    Mukaddes Kitap
    • 17 Ýehowa seniň, halkyň we ataň öýüniň üstüne görlüp-eşidilmedik günleri getirer. Efraýymyň Ýahudadan bölünen+ gününden bäri beýle zat bolan däldir. Siziň üstüňize Assiriýa patyşasy çozar+.

  • Işaýa 7:20
    Mukaddes Kitap
    • 20 Şol gün Ýehowa derýanyň* aňyrsyndan Assiriýa patyşasyny+ dellekçi ýaly hakyna tutup, siziň saçyňyzy, aýagyňyzyň tüýüni we sakgalyňyzy syrdyrar.

  • Işaýa 10:28—32
    Mukaddes Kitap
    • 28 Ol Aýýata+ hüjüm etdi,

      Migronyň üstünden geçdi,

      Mikmaşda+ ýüküni goýdy.

      29 Olar derýanyň ýalpak ýerinden geçdiler,

      Gijesini Gebada+ geçirdiler.

      Rama sandyrady, Şawul şäheri Gibeýanyň+ ilaty gaçdy+.

      30 Gallim gyzy, perýat edip agla!

      Laýşa, habardar bol!

      Görgüli Anatot!+

      31 Madmena ilaty gaçdy,

      Gebim halky pena gözledi.

      32 Şol gün ol Nobda+ düşlär.

      Sion gyzynyň dagyna,

      Iýerusalim depesine ýumruk çenär.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş