-
Ýermeýa 50:1—3Mukaddes Kitap
-
-
50 Ýehowa Wawilon+ hakda, haldeýleriň ýurdy barada Ýermeýa pygambere şeýle diýdi:
2 «Milletleriň arasynda jar çekiň, yglan ediň.
Tug dikip, jar çekiň.
Hiç zady gizlemäň!
Şeýle diýiň: „Wawilon basylyp alyndy+,
Bel taňrysy utanja galdy+.
Merdek taňrysy gorkdy.
Butlary masgara edildi.
Nejis butlary* elhenç hala düşdi“.
3 Onuň üstüne demirgazykdan bir halk geldi+.
Ýurdy gorkunç hala saldy.
Ol ýerde hiç kim ýaşamaz.
Ynsan-da, haýwan-da
Ol ýerden gaçyp gitdi.
-