5 Ýahuda we Iýerusalim ilaty Ýehowanyň öýüniň täze howlusynyň öňüne ýygnanypdy. Ýehoşapat ýerinden turdy-da, 6 şeýle diýdi:
«Ata-babalarymyzyň Hudaýy Ýehowa, gökdäki ýeke-täk Hudaý sensiň!+ Ähli patyşalyklar seniň eliňde+, güýç-kuwwat hem seniňki. Hiç kim saňa garşy çykyp bilmeýär+.