-
2 Patyşalar 21:16Mukaddes Kitap
-
-
16 Manaşa Ýehowanyň öňünde erbet işleri edip, Ýahuda halkyna günä etdirenini az görýän ýaly, Iýerusalimiň o çetinden bu çetine çenli gan çaýkap, birgiden bigünä adamy öldürdi+.
-
-
2 Taryh 36:15, 16Mukaddes Kitap
-
-
15 Ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa pygamberlerini iberip, olara gaýta-gaýta duýduryş berdi. Sebäbi Hudaýyň öz halkyna we mukaddes mekanyna ýüregi awaýardy. 16 Olar bolsa hak Hudaýyň wekilleriniň üstünden güldüler+, sözlerini äsgermezlik edip+, pygamberlerini masgaraladylar+. Olar ýetjek derejesine ýetensoň*, Ýehowanyň halkyna gahar-gazaby lowlady+.
-
-
Ýermeýa 14:20Mukaddes Kitap
-
-
20 Eý Ýehowa, erbet işlerimizi,
Ata-babalarymyzyň ýazyklaryny boýun alýarys.
Biz saňa garşy günä etdik+.
-